Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy we oba hojalygy boýunça täze wise-premýerler bellenildi
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy we oba hojalygy boýunça täze wise-premýerler bellenildi
Çap edildi 05.04.2017
1864

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýagşygeldi Kakaýewi başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky çözgüdi hökümetiň şu ýylyň birinji çärýegine bagyşlanylyp geçirilen giňişleýin mejlisinde kabul etdi. Ý. Kakaýewiň tejribesini “Galkynyş” käninden beýleki ugurlar boýunça gaz geçirijileriniň täze taslamalaryny işläp taýýarlamak ugrundaky işlerde peýdalanmak kararyna gelnendigi habar berildi. Hormatly Prezidentimiz häzire çenli Döwlet ministri - “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy bolup işlän Maksat Babaýewi wise-premýer wezipesine belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Rejep Bazarowy başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda Permana gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Esenmyrat Orazgeldiýewi belläp, ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine Taňryguly Atahallyýew bellendi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow