Baş sahypa
\
Sport
\
Awazada Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara sport kongresi geçiriler
Sport
Awazada Aziada-2017-ä bagyşlanan Halkara sport kongresi geçiriler
Çap edildi 05.04.2017
2529

2017-nji ýylyň 7-nji aprelinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresi geçiriler. Forumyň guramaçylary bolup Sport baradaky döwlet komiteti, VAziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet we Türkmenistanyň DIM çykyş edýär. Geçiriljek forum dünýäniň sport jemgyýetçiligini Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görlüşi bilen giňden tanyşdyrmaga, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Forumyň Maksatnamasy Aziada-2017-niň tanyşdyrylyş dabarasyny, daşary ýurtly myhmanlary paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi bilen tanyşdyrmagy hem-de birnäçe beýleki çäreleri, şol sanda ""Awaza"" sport toplumynyň açylyş dabarasyny, medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konsertini özünde jemleýär.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow