Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýanwar-mart aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2 göterime deň boldy
Ykdysadyýet
Ýanwar-mart aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2 göterime deň boldy
Çap edildi 05.04.2017
1644

2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,2 göterim ýokarlandy. Senagat ulgamynda bu görkeziji 1,8 göterime, gurluşykda 4,4 göterime, ulag-aragatnaşyk toplumynda 10,8 göterime, söwdada 10,4 göterime, oba hojalygynda 3,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 10,8 göterime deň boldy. Ýanwar-mart aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy boýunça görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,1 göterim artdy. Sarp ediş harytlaryna, şeýle hem ilata edilýän hyzmatlara bolan bahalar bellenilen çäklerde saklandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende aýlyk haklarynyň möçberi 9,1 göterim artdy. Umuman, senagat önümleriniň önümçilik möçberleri 13,8 milliard manada deň boldy. Olaryň 53,1 göterimi döwlete dahylly bolmadyk edaralara degişlidir. 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende gök önümleriň önümçilik möçberleri 20,9 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde mallaryň baş sany durnukly artýar. Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşamagyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda 1 göterim, şol sanda awtomobil ulaglarynyňky 9,3 göterim ýokarlandy. Geçen üç aýyň dowamynda ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň ösüşi 2,3 göterime deň boldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata edilýän hyzmatlardan gelýän girdejiniň möçberleri ýokarlandy. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümçiliginiň ýokarlanmagy bilen baglylykda, ýanwar-fewral aýlarynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,3 göterim peseldi. 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 88,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar-mart aýlarynda durmuş pudagynyň maliýeleşdirilmegine býujet serişdeleriniň 73,3 göterimi gönükdirildi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirildi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow