Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 5-nji Iýul
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 5-nji Iýul
Çap edildi 05.07.2015
1544

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Owganystandan we Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni satyn aldylar, Şweýsariýanyň işewürler toparlarynyň wekilleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki ýurtlardan gelen işewürler tehniki ýod we tehniki propilen haltalary (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Singapur, Malta, Owganystan, Gyrgyzystan, Gruziýa, Ukraina. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 875 müň dollaryndan gowrak boldy. Depozit manat serişdelerine Pakistandan gelen täjirler jemi 1 million 228 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow