Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanyň Prezidenti karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy
Sport
Türkmenistanyň Prezidenti karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy
Çap edildi 07.04.2017
2552

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport hereketini we bu ulgamda hymatdaşlygy ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy. Halkara Meýbukan Godzu-Rýu Karate-do Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Ýagi Meýtats “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara sport kongresinde bu hormatly sylagy gowşuryp, ýygnananlaryň adyndan hem-de hut öz adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň netijeli işlemegi babata döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sylagy Türkmenistanyň sport we bedenterbiýäni ösdürmekde hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň halkara sport hereketinde eýeleýän işjeň ornunyň, onuň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak işinde sportuň ornuny ýokarlandyrmak ýörelgesine berk ygrarlylygynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow