Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Awazada iri sport desgasynyň ulanmaga tabşyrylamgy telekeçiligiň ýokary ösen derejesine şaýatlyk edýär
Ykdysadyýet
Awazada iri sport desgasynyň ulanmaga tabşyrylamgy telekeçiligiň ýokary ösen derejesine şaýatlyk edýär
Çap edildi 07.04.2017
1687

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylan Sport toplumy hususy gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edildi. Munuň özi ýurdumyzda telekeçiligiň ýokary ösüş derejesinden habar berýär. Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, taslama ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň işini höweslendirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçiriýän strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça bu ugurda hususy işewürligiň ösmegi üçin has amatly şertleriň döredilmegini üpjün etmek boýunça netijeli çäreler görüldi. Hususy kompaniýalar ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda olara uly gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek ynanyldy. Olar ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge üstünlikli gatnaşýarlar. Bu ýerde ozal açylan döwrebap şypahanalar hem-de şu gün ulanmaga berlen köpugurly sport toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow