Baş sahypa
\
Sport
\
Awazada Buzly köşgüň açylyşynda figuraçy typyjylar çykyş etdiler
Sport
Awazada Buzly köşgüň açylyşynda figuraçy typyjylar çykyş etdiler
Çap edildi 07.04.2017
2615

Awazada Buzly köşk iri sport toplumynyň ulanmaga berilmeginiň çäklerinde açyldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Buzly meýdançada Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň türgenleriniň ýerine ýetirmeginde ajaýyp şüweleň ýaýbaňlandyryldy. Ýaş figuraçylar çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirip, figuralaýyn typmagyň dürli görnüşlerini görkezdiler. Açylyş dabarasyna gatnaşýan Russiýanyň figuralaýyn typmakda ussady we tälimçisi, jemgyýetçilik we döwlet işgäri Irina Rodnina Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegine, ýokary derejeli buzly meýdançalarayň gurulmagyna uly üns berilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtady. Sportuň gyşky görnüşleri – hokkeý we figuralaýyn typmak üçin niýetlenilen iki gatly binanyň umumy meýdany 14,4 müň inedördül metrden gowrak bolup, onuň beýikligi 20 metre golaýdyr. Binanyň birinji gatynda ini 30, uzynlygy 60 metr bolan umumy standarta laýyk gelýän buzly meýdança ýerleşýär. Onuň töwereginde 2 müň 944 tomaşaçy orunlyk münberler bar. Onda Finlýandiýanyň “Raita Sport” we “Kerko”, şeýle hem ABŞ-nyň “Zamboni” ýaly belli kompaniýalarynyň tehnikalary, enjamlary, sport serişdeleri oturdyldy. Şeýle enjamlar hokkeý boýunça dünýä çempionaty, Gyşky olimpiada we Aziýa oýunlary geçirilýän desgalarda oturdylýar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow