Baş sahypa
\
Sport
\
Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde “Harlem Wizards” toparynyň gatnaşmagynda basketbol tomaşasy geçirildi
Sport
Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde “Harlem Wizards” toparynyň gatnaşmagynda basketbol tomaşasy geçirildi
Çap edildi 08.04.2017
2765

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň sportuň oýun görnüşleri toplumynda meşhur “Harlem Wizards” toparynyň gatnaşmagynda hem-de ýene birnäçe aýdan türkmen paýtagtynda badalga alýan Aziada –2017-ä bagyşlanan basketbol tomaşasy uly üstünlik bilen geçirildi. Bu tomaşa türkmen we daşary ýurt basketbolçylarynyň arasyndaky görkezme oýny bilen açyldy, soňra meýdançada akrobat –basketbolçularyň ýerine ýetirmeginde çykyşlar guraldy, olar basketbol toruna pökgi geçirmegiň ussatlyk tilsimlerini görkezdiler. Amerikanyň örän meşhur basketbol oýny boýunça tomaşalary gurnaýjylar meşhur “Harlem Wizards” toparynyň agzalary tutuş dünýä boýunça gyzykly çykyşlar görkezip, pökgi bilen täsin tilsimleri görkezýärler. Hakyky basketbol tomaşasynyň tilsimleri aşgabatly tomaşaçylarda, aýratyn-da bu tomaşany synlamaga gelen köp sanly çagalarda we ýetginjeklerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Garlemde döredilen mekdep topary täsin tilsimleri ýerine ýetirmekde ussatlyklary bilen tapawutlanýarlar. Şondan soňra, bu topary basketboluň Şöhrat binasynyň geljekki agzasy Eýb Seperstaýn satyn aldy hem-de onuň adyny Harlem Wizards diýip atlandyrdy. «Harlem Globetrotters» topary 90 ýyllyk taryhynda özüniň meşhur oýny bilen şöhrata eýe boldy. Onuň bilen bir ugurda çykyş edýän Harlem Wizards topary ondan 35 ýyl ýaşdyr. Ol 1962-nji ýylda döredildi. Bu toparyň wezipesi basketbol tomaşasyny gurnamakdyr. Stritbolyň muşdaklary üçin bu topar has muşhurdyr, sebäbi bu oýny dünýäniň belli stritbolçylary oýnaýarlar. Ýapyk binalarla we söwegş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna basketbolyň 3x3 stritbol görnüşi girýär. Sportuň bu görnüşiniň Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda 2020-nji ýylda geçiriljek Olimpiadanyň maksatnamasyna girizmegiň teklip edilmegi onuň uly meşhurlyga eýedigine şaýatlyk edýär.

Soňky habarlar
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow