Baş sahypa
\
Sport
\
“Şir” topary hokkeý boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy ýaryşlar
Sport
“Şir” topary hokkeý boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy ýaryşlar
Çap edildi 10.04.2017
2610

Aşgabatda hokkeý boýunça ýurdumyzyň birinjiligi ugrundaky Türkmenistanyň çempionaty geçdi. Paýtagtymyzyň sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynyň buzly meýdançasynda geçen ýaryşda iki ýaş toparynda – 2005-2008-nji ýyllarda doglan we 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda medallar ugrunda bäsleşikler geçirildi. Kiçi toparda final duşuşygynda “Şir” bilen “Oguzhan” öz aralarynda bäsleşdiler. Duşuşykda 5:2 hasabynda “Şir” ynamly ýeňiş gazandy. Duşuşykda Soltanhamid Wahitow ýeňijileriň düzüminde çykyş edip, garşydaşlarynyň derwezesine dört gezek netijeli urgy geçirdi. Bäşinji goly Isgender Durdyýew geçirmegi başardy. Kümüş medaly eýelän toparyň düzüminde bolsa Röwşen Aşyrow iki gezek tapawutlandy. Uly ýaş toparynda hem “Şir” topary altyn medala eýe boldy. Bu toparyň hokkeýçileri final duşuşygynda “Oguzhan” toparyndan 8:1 hasabynda üstün çykmagy başardy. Duşuşykda Perhat Atekýaýew dört gezek hokkeý topuny garşydaşlarynyň derwezesinden geçirmegi başardy. Aýnazar Baýramow iki gezek tapawutlandy. Kemal Halmyradow bilen Grigoriý Çirikowyň her haýsybir goly derwezä geçirdiler. Kümüş medaly eýelän toparyň düzüminde duşuşygyň iň soňky minudynda Musa Annageldiýew tapawutlandy. Ýaryşyň netijeleri boýunça milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitlener. Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparynyň şu ýylyň fewral aýynda Sapporoda (Ýaponiýa) geçen VIII Aziýa oýunlarynda ikinji diwizionda ildeşlerimiziň altyn medallara eýe bolandygyny ýatladýarys. Bu üstünlik türkmen hokkeýçilerine indiki Aziada-2021-de birinji diwizionda çykyş etmäge mümkinçilik berer.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow