Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen küştçileri ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda alty medaly gazandylar
Sport
Türkmen küştçileri ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda alty medaly gazandylar
Çap edildi 11.04.2017
2609

Daşkentde (Özbegistan) 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 17 ýurtdan—Hytaýdan, Hindistandan, Wýetnamdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şri-Lankadan we beýlekilerden 400-e golaý türgeniň gatnaşmagynda küşt boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Ýaryşlaryň barşynda watandaşlarymyz medallaryň altysyny—iki kümüş we dört bürünç medal gazandylar. Ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üstüne iki kümüş we bir bürünç baýraga mynasyp bolup, Leýla Şöhradowa uly goşant goşdy. Bu üstünligi ol degişlilikde her göçümden soň 30 sekunt goşulmak bilen bir döwe 1,5 sagat “arassa” wagt berilýän nusgawy görnüşde, blis (bäş minut goşmak iki sekunt) we rapide (15 minut goşmak 10 sekunt) görnüşinde gazandy. Türkmen toparynyň düzüminde hormat münberine iki ýola – ikinji we üçünji basgançagyna Azat Nurmämmedow (14 ýaşa çenli topar) çykdy. Ýene-de bir bürünç medaly Saparmyrat Atabaýew (18 ýaşa çenli) gazandy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow