Baş sahypa
\
Sport
\
Halkara ahalteke atçylyk- sport toplumynda konkur boýunça ýaryşlar geçirildi
Sport
Halkara ahalteke atçylyk- sport toplumynda konkur boýunça ýaryşlar geçirildi
Çap edildi 26.04.2017
2572

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda päsgelçiliklerden geçmek –konkur boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýaryşlary “Türkmen atlary” döwlet birleşigi, Sport baradaky döwlet komiteti we Milli atly sport merkezi bilelikde guradylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Şol sebäpli hem päsgelçiliklerden geçmek boýunça şu gezekki bäsleşikler badalga berilmegine birnäçe aý galan Aziada-2017-ä taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar. Bu bäsleşiklere Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Milli atly sport merkeziniň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, welaýat atçylyk sport toplumlarynyň, ministrlikleriň birnäçesiniň bedewleri—jemi 15 türgen gatnaşdy. Bu ýerde türkmen türgenleri iň oňat başarnyklaryny görkezdiler, olary münberleri dolduran hem-de ajaýyp hem gyzykly bäsleşikleriň şaýady bolan köpsanly tomaşaçylar goldadylar. Konkur boýunça bäsleşikleriň barşynda oňa gatnaşyjylar dürli beýiklikdäki we çylşyrymly päsgelçilikleriň 11-sinden geçdiler. Konkur ýaryşynyň kadasyna laýyklykda kesgitlenen wagtda bir päsgelçilikden iki gezekde hem geçip bilmedik türgenler medallar ugrundaky ýaryşlary dowam etdirmekden çykarylýar. Iki tapgyrda geçirilen konkur ýaryşynyň birinji tapgyrynda türgenler 1 metr 15 santimetr belentlikden geçdiler. Onuň netijesinde bellenilen kadalara laýyklykda, türgenleriň 4-si ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ikinji tapgyrda türgenler 1 metr 20 santimetr belentlikdäki päsgelçiliklerden geçdiler. Ýaryşyň ýeňijileri Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenilýän güni – 30-njy aprelde, ýekşenbe güni yglan ediler.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow