Baş sahypa
\
Sport
\
Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň dördünji guni biziň toparyrmyz iki kümüş we bir bürünç medala eýe boldy
Sport
Agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň dördünji guni biziň toparyrmyz iki kümüş we bir bürünç medala eýe boldy
Çap edildi 26.04.2017
2521

Medallar halkara derejeli sport ussady Rejepbaý Rejebow mynasyp boldy, ol 77 kilograma çenli agram derejede çykyş etdi. Agamyrat Janmyradowyň şägirdi silkin götermek usulynda 158 kilogram agramy göterip, netijede iki usulyň jemi boýunça 343 kilogram görkeziji bilen ikinjiorny eýeledi. Itekläp götermekde ol 185 kilogram bilen bürünç medaly eýeledi. Bu agramda hytaýly türgen Çengfeý Ýuan (üç altyn medal) ýeňiji boldy. Koreýa Respublikasyndan Wu Jaýe Kim üçünji orny eýeledi. Zenanlaryň arasynda 69 kilograma çenli agram derejede geçiren bäsleşikleri biziň toparymyzdan Gülnabat Kadyrowa tapawutlanyp, dördünji orny eýeledi. Olimpiada-2016-a gatnaşyjy silkip götermek usulynda 95 kilogramy galdyrmagy, itekläp götermekde bolsa 125 kilogram agramy götermegi başardy hem-de ikisiniň jemi boýunça 210 kilogram netije görkezdi. Bu agram derejede hytaýly türgen zenan Danhi Şi iki görnüşi boýunça 233 kilogram netije bilen ýeňiji boldy. Koreýa Respublikasyndan Suhen Kim (230 kilogram), ikinji orny we Hytaý Taýpenden türgen zenan ady Wan- Ting Hung (228 kilogram) üçünji orny eýeledi.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow