Baş sahypa
\
Sport
\
Kikboksingiň milli mekdebiniň wekilleri Aziýa çempionatynyň birinji gününi üstünlikli tamamladylar
Sport
Kikboksingiň milli mekdebiniň wekilleri Aziýa çempionatynyň birinji gününi üstünlikli tamamladylar
Çap edildi 26.04.2017
2789

Kikboksing boýunça bäsleşikleri 17 ýurtdan – Koreýa Respublikasyndan, Hindistandan, Malaýziýadan, Iordaniýadan, Siriýadan, Nepaldan, Yrakdan we beýlekilerden 300-e golaý türgen gatnaşýar. Ýaryşlar alty ugur point-paýting, semi-kontakt, kik-laýt, lou-kik, full-kontakt we ýekelikde ýerine ýetirilýän maşklar boýunça geçiriler. Şu gün çärýek final bäsleşiklerini türkmenistanlylar ýeňlişsiz tamamladylar. 81 kilograma çenli agram derejede geçirilen tutluşyk tomaşaçylaryň aýratyn ýadynda galdy, şunda biziň ildeşimiz Azamat Jumagulyýew bäsleşigiň 20-nji sekundynda gyrgyzystanly bäsdeşini bada-bat ýeňmegi başardy. Kikboksing sportuň iň ýaş görnüşleriniň biri bolup, ol geçen asyryň 60-njy ýyllarynda ABŞ-da ýaýrap başlady. Onuň watany ABŞ-dyr. Ilkibaşda ol “full-kontakt karate” diýlip atlandyrylýardy, soňra Adaty karate halkara federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň muňa garşy bolmagy bilen söweşjeň sungat kikboksing diýlip ady üýtgedildi. “Full-kontakt” ady bäsleşikleriň ugurlarynyň birini aňladýar hem-de şunda diňe bäsdeşiň bedeniniň ýokarky bölegine urgy etmäge rugsat berilýär. Şu ýyl Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide we Latwiýanyň paýtagty Rigada iri halkara ýaryşlary geçirildi, olarda biziň türgenlerimiz 39 medala – 22 altyn, 9 kümüş we 8 bürünç medallara mynasyp boldular. Şu gezekki Aziýa çempionatynda hem türgenlerimiziň iň oňat başarnyklaryny görkezjekdiklerine ynanýarys.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow