Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen kikboksçylary — umumy toparlaýyn çykyşlaryň ýeňijileri
Sport
Türkmen kikboksçylary — umumy toparlaýyn çykyşlaryň ýeňijileri
Çap edildi 30.04.2017
3022

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary toplumynda Kikboksing boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Onda türkmen türgenleri umumy toparlaýyn çykyşlarda birinji orny eýelediler. Watandaşlarymyz altyn medallaryň 27-sini, kümüş medallaryň 25-sini we bürünç medallaryň 23-sini gazandylar. Ýaryşyň jemleýji güni altyn medallarynyň ikisine Gülzada Jorakulyýewa mynasyp boldy. Full-kontakt we lou-kik görnüşlerinde 65 kilograma çenli agram derejesinde oňa taý gelen tapylmady. Şeýle hem şu gün Merdan Mamedow, Jelal Satlykgulyýew, Gadam Abdyýew, Halmyrat Geldimämmedow, Said Fakirow, Agamyrat Amangeldiýew, Muhammet Altybaýew, Batyr Çaryýew, Şöhrat Hallyýew, Şöhrat Ýagmyrow we Farida Gutlymuradowa ajaýyp üstünlikleri gazandylar. Umumy toparlaýyn çykyşlarda eýranly kikboksçylar ikinji orny eýelediler. Olaryň hasabynda 22 sany altyn medal bar. Üçünji orny bolsa Täjigistanyň topary (altyn medallaryň 12-si) eýeledi. Biziň ýygyndy toparymyzyň ady agzalan türgenlerini aglabasy kikboksingiň türkmen mekdebini esaslandyryjy — Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň şägirtleri bolup durýar. Olar halkara derejedäki iri ýaryşlaryň köpüsinde ýokary netijeleri yzygiderli gazanýarlar. Şu ýylyň başynda watandaşlarymyz Rigada (Latwiýa) we Helsinkide (Finlýandiýa) geçirilen ýaryşlarda medallaryň 39-syny gazanmagy başardylar. Olaryň 22-si altyn medallardyr. Ynha, indi türkmenistanlylar nobatdaky gezek ýokary sport ussatlyklaryny görkezip, häzir yklymyň Aziýa böleginde güýçli kikboksçylar bolup durýandyklaryny subut etdiler. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň häzirki üstünlikleri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem biziň türgenlerimiziň dürli derejelerdäki medallary gazanjakdygyna ynam döredýär. Onuň maksatnamasyna kikboksing boýunça bäsleşikler hem girýär. Aziada—2017-niň başlanmagyna çenli galan wagtyň içinde olara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary, şol sanda halkara bäsleşikler garaşýar. Şu ýaryşlara hyzmat eden meýletinçileriň işi hem ünsüňi özüne çekýär. Aziýanyň kikboksing konfederasiýasynyň prezidenti Nasiri meýletinçi kömekçilere sazlaşykly we dessin hereketleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem abraýly halkara sport guramasynyň baştutany türkmen hünärmenleriniň ýokary guramaçylyk ukyplaryny belläp, şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäheriniň kabul etjek iri toplumlaýyn ýaryşlarynyň hem dünýä sportunyň häzirki talaplaryna laýyk gelýän derejede geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow