Baş sahypa
\
Sport
\
«Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçylary halkara ýaryşlarynda üstünlik gazandylar
Sport
«Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçylary halkara ýaryşlarynda üstünlik gazandylar
Çap edildi 14.05.2017
2793

Türkiýäniň Stambul şäherinde erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda 13-nji halkara ýaryşy geçirildi. Oňa dünýäniň 6 ýurdundan 70 türgen gatnaşdy. Ýaryşyň jemleri boýunça “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçylary-- B.Paşşyýew (46 kilogram agram derejesinde), M.Muhammedow (58 kilogram), Z. Saparow (100 kilogram) altyn medallara, H.Ibragimow (63 kilogram), Aşgabat şäherinden A.Küläýew (42 kilogram agram derejesinde), Lebap welaýatynyň wekili D.Meýmankulyýew (69 kilogram) kümüş medallara, şeýle hem “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçylary G.Çaryýew (54 kilogram), D.Jumalakow (54 kilogram) bürünç medallara mynasyp boldular. *** Çirçik şäherinde (Özbegistan Respublikasy) geçirilen dzýudo göreşi boýunça ýetginjekleriň arasynda Aziýa Kubogy ugrunda ýaryşlar tamamlandy. Ol dünýäniň 10 ýurdundan 300-e golaý türgeni ýygnady. “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçysy A.Bäşimow 81 kilogram agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy, Ý.Ismaýylow bolsa 50 kilogram agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow