Baş sahypa
\
Sport
\
Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edendikleri bilen gutlady
Sport
Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edendikleri bilen gutlady
Çap edildi 16.05.2017
2528

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Nasser Nassiriniň hatynda şeýle diýilýär: Sizi hem-de Türkmenistanyň tutuş halkyny Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde geçirilen kikboksing boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlary we umumytoparlaýyn medal bäsleşiklerinde türkmen toparynyň gazanan ýeňşi bilen gutlamaga rugsat ediň. Şeýle hem çempionaty geçirmek boýunça taýýarlygyň ýokary derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmen paýtagtynyň ajaýyp keşbiniň biziň hemmämizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny bellemek isleýärin. Myhmanlaryň ählisi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň taýýarlyk derejesine ýokary baha berdiler. Ugurdaş desgalaryň hatarynda deňi-taýy bolmadyk Aşgabadyň Olimpiýa toplumy birbada sportuň birnäçe görnüşleri boýunça halkara çempionatlaryny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. Şu ýylyň aprel aýynda bu ýerde kikboksing boýunça Aziýa çempionaty, agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty we ýakyn aralykda suwda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýa turniri ýaly birbada iri ýaryşlaryň üçüsiniň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr diýlip hatda aýdylýar. Jenap N.Nassiri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aziýa oýunlarynyň taryhynda uly ähmiýete eýe boljakdygyna hem-de ýatdan çykmajak täsir galdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Soňky habarlar
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
06.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow