Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen futzalçylary kümüş medallara mynasyp boldular
Sport
Türkmen futzalçylary kümüş medallara mynasyp boldular
Çap edildi 05.06.2017
3178

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde 1-4-nji iýun aralygynda Ýaponiýanyň Kobe şäherinde “Futzal Kobe festa 2017” atly halkara ýaryşynyň “A” toparynda geçirilen bäsleşiklerde Türkmenistanyň ýygyndy topary ikinji orny eýeledi. Ýaryşlara Horwatiýanyň (25 ýaşa çenli), Ýaponiýanyň (25 ýaşa çenli) ýygyndy toparlary, şeýle hem Awstraliýanyň “Gelaksi”, Koreýa Respublikasynyň “Jina Mag” hem-de Ýaponiýanyň “Kobe” futzal toparlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň ýygyndy topary Horwatiýanyň topary bilen geçirilen ilkinji duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýapon türgenleri bilen geçirilen ikinji duşuşyk bolsa 3:3 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Şeýlelikde, biziň ildeşlerimiz ýaryşlaryň indiki tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Final duşuşygynda Türkmenistanyň topary Ýaponiýanyň “Kobe” toparyndan 2:4 hasabynda asgyn gelip, kümüş medala mynasyp boldy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow