Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmenistanlylar nobatdaky tapgyra çykmaga mümkinçiligini saklap galýarlar
Sport
Türkmenistanlylar nobatdaky tapgyra çykmaga mümkinçiligini saklap galýarlar
Çap edildi 13.06.2017
3208

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň we Bahreýniň ýygyndy toparlarynyň arasynda futbol boýunça Aziýa – 2019 Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşyň üçünji tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. Çekeleşikli oýunda ýer eýeleri 1:2 hasabynda utuldylar. Biziň ýygyndymyz “E” toparynda çykyş edýär. Bu toparda Bahreýniň ýygyndysyndan başga-da, Taýwanyň we Singapuryň toparlary çykyş edýärler. Birinji duşuşykda türkmenistanlylar Taýwanyň toparyny ynamly ýeňip (3:1), üç utuk bilen öňdeligi eýeledi. Utulanlaryndan soň, olar bir basgançak aşak düşüp, dört utuk toplan şu günki garşydaşlaryny öňe goýberdiler. Utulandygyna garamazdan, Türkmenistanyň ýygyndysy nobatdaky tapgyra çykmak üçin mümkinçiligi saklap galýar. Üçünji tapgyrda biziň futbolçularymyz 5-nji sentýabrda Singapuryň ýygyndysy bilen myhmançylykda duşuşar.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow