Baş sahypa
\
Sport
\
Seýdylla Täzäýew ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy
Sport
Seýdylla Täzäýew ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy
Çap edildi 15.06.2017
3233

Şu gün Hytaýyň Taýpeýinde badalga alan ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleriniň düzüminde Seýdylla Täzäýew tapawutlanyp, 60 kilograma çenli agramlyk derejede grek-rim görnüşi boýunça altyn medala mynasyp boldy. Munuň özi biziň ildeşimiziň halkara sport giňişliginde gazanan üstünliginiň ilkinjisi däldir. Geçen ýyl Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rozy Rejebowyň şägirdi Fransiýanyň Makon şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç baýragyna mynasyp boldy. Geçen aýda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde IV Yslam raýdaşlyk oýunlary geçirildi, şonda S.Täzäýew ýene-de hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Özüniň ýaşdygyna (17 ýaşynda) garamazdan, Seýdylla Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek milli ýygyndymyzyň düzüminde mynasyp orun eýelemäge esasy dalaşgärleriň biridir.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow