Baş sahypa
\
Sport
\
Ýeňil atletikaçylaryň nobatdaky ýeňşi
Sport
Ýeňil atletikaçylaryň nobatdaky ýeňşi
Çap edildi 27.06.2017
4036

Ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen ýeňil atletika boýunça halkara turnirinde türkmen türgenleri bir kümüş we iki bürünç medal eýelemegi başardylar. Watandaşlarymyz “ýekedaban zyňmak” we “4x400 metre ylgamak” görnüşleri boýunça tapawutlandylar. Ýekedabany 65 metr 71 santimetr aralyga zyňmagy başaran Mergen Mämmedow ýaryşyň wise çempiony boldy. Braziliýanyň Rio-de- Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiada -2016-a gatnaşyjy Amanmyrat Hommodowyň görkezen netijesi topardaş türgeniňkiden 50 santimetr yza galdy. Şunlukda ol hormat münberiniň üçünji ornuna çykdy. Şeýle hem zenanlaryň arasynda 4x400 metr estafeta ýaryşynda türkmenistanly türgen bürünç medala mynasyp boldy. Biziň toparymyzdan Walentina Meredowa, Ýelena Rýabowa, Güljan Aşyrmyradowa we Ýyldyzaý Gyşykowa bu aralygy 4 minut 22,05 sekuntda geçmegi başardylar. Häzirki döwürde türkmen türgenleri Hindistanyň Bhubaneşwar şäherinde şu ýylyň 6-9-nyj iýuly aralygynda guralmagy meýilleşdirilýän ýeňil atletika boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýärler. Bu ýaryşlara dünýäniň 45 ýurdunda 800-den gowrak türgen gatnaşar. Şu ýylyň 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary biziň türgenlerimiz üçin esasy waka öwrüler. Onuň maksatnamasyna ýeňil atletika boýunça bäsleşikler girizildi. Türkmen türgenleriniň geçen synag ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini nazarda tutup, (44 medal) Aziada-2017-niň biziň türgenlerimiz üçin köpsanly ýeňişleri getirjekdigine ynam bildirýäris.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow