Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen samboçylarynyň nobatdaky üstünligi
Sport
Türkmen samboçylarynyň nobatdaky üstünligi
Çap edildi 30.06.2017
3279

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri altyn medallaryň ikisine, kümüş medallaryň üçüsine hem-de bürünç medallaryň altysyna mynasyp boldular. Hormat münberiniň ýokarky basgançagyna Muminjan Arzikulow (agram derejesi 62 kilograma çenli) hem-de Läle Nuryýewa (72 kilograma çenli) çykdylar. Amina Niýazowa (44 kilograma çenli), Tawus Geldimyradowa (56 kilograma çenli) hem-de Babajan Iwadullaýew (100 kilograma çenli) ikinji orna mynasyp boldular. Bürünç medallary Allanur Çaryýew (52 kilograma çenli), Parahat Bäşimow (82 kilograma çenli), Narmyrat Taňňyrberdiýew (90 kilograma çenli), Rejepnur Agaýew (57 kilograma çenli), Döwletmyrat Çeppäýew (74 kilograma çenli) hem-de Mähri Akmyradowa (60 kilograma çenli) gazandylar. Ýeri gelende ýatlatsak, sambo Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şonuň üçin türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri olaryň şu ýyl geçiriljek esasy ýaryşlara taýýardygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow