Baş sahypa
\
Sport
\
GDA-nyň sport festiwalynda samboçylar üç medala mynasyp boldular
Sport
GDA-nyň sport festiwalynda samboçylar üç medala mynasyp boldular
Çap edildi 14.08.2017
3334

Ulýanowsk şäherinde (Russiýa Federasiýasy) sportuň milli görnüşleriniň we GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň festiwalynda çykyş eden samboçylarymyz Watanymyza bir kümüş hem-de iki bürünç medal bilen gaýdyp geldiler. Niýazmyrat Şahmyradow 68 kilogram agram derejede çykyş edip, kümüş medala eýe bolmagy başardy. Ol Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň birinde tälim alýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk borjuny ýerine ýetirýän Kemal Amanow (62 kg), şeýle hem Lebap welaýatynyň Dostluk şäherçesiniň ýaşaýjysy Nuraly Ýalkabow (100 kg) bürünç medallara eýe boldular. Ýurdumyzyň milli toparynyň ýakyn geljekki ätiýaçlyk düzümine girýän türkmen türgenleriniň sambo boýunça görkezen (sportuň bu görnüşi hem Aziýadanyň maksatnamasyna girýär) bu netijelerini oňat görkeziji hasap etmek bolar. Ulýanowskide geçirilen GDA ýurtlarynyň festiwalyna jemi 350 türgen gatnaşyp, olaryň düzüminiň hil derejesi örän ýokary boldy — olaryň arasynda dünýä we yklym çempionatlarynyň ýeňijileri hem az däl. Bu ýaryşlaryň sambonyň sport we söweşjeň görnüşleriniň hem watany bolan Russiýanyň çäginde geçýändigini bellemek gerek.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow