Baş sahypa
\
Sport
\
Jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlaryň final gününde zenanlar ýygyndy topary ähli derejeli medallara mynasyp boldular
Sport
Jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlaryň final gününde zenanlar ýygyndy topary ähli derejeli medallara mynasyp boldular
Çap edildi 19.09.2017
3355

Jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlaryň jemleýji gününde biziň zenan türgenlerimiz V Aziadanyň ähli derejeli medallaryna mynasyp boldular. Şu gün “Ne-waza” görnüşi boýunça medallar ugrundaky ýaryşlar dowam etdi. 70 kilogramdan ýokary bolan agram derejede zenanlaryň arasynda geçirilen final bäsleşigi tutuşlygyna türkmen türgenlerine degişli boldy. Onuň dowamynda Aýsoltan Garçowowa Sabina Agajanowadan üstün çykyp, altyn medal eýeledi. S.Agajanowa bolsa kümüş medala mynasyp boldy. Jiu-jitsunyň “Ne-waza” görnüşiniň bürünç medal ugrundaky iki bäsleşiginde hem türkmen türgenleri saýlandylar. Netijede hormat münberiniň üçünji basgançagyna 49 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Ulýana Nazarowa çykdy. 45 kilogarma çenli agramlyk derejesinde çykyş edýän Dinara Jumadurdyýewa hem bürünç medaly eýeledi. Şeýlelikde, jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlarda türkmen türgenleri jemi 19 medala – 7 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medaly eýelediler.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow