Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Paýtagtymyz Aşgabatda täze görnüşli ýaşaýyş jaý toplumlary açyldy
Jemgyýet
Paýtagtymyz Aşgabatda täze görnüşli ýaşaýyş jaý toplumlary açyldy
Çap edildi 23.10.2017
2345

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen binalar toplumynyň toý bagyny kesdi. Jaýlaryň öňündäki meýdançada baýramçylyk çykyşlary boldy. Medeniýet we sungat ussatlary türkmen toýlaryna mahsus çykyşlary ýerine ýetirdiler. Döwlet Baştutanymyz köçäniň ugrunda gurlan desgalary synlap başlady. Her jaýyň derwezesiniň açylyp, onda baýramçylyk dabaralarynyň barha belende göterilýändigi görünýär. Şol ýerde öý eýeleiniň garyndaşlary, dost-ýarlary şatlanýarlar. Myhmanlar howluda gurnalan sekilerde ýerleşip, ajaýyp dessurlara laýyklykda toý tagamlaryndan dadýarlar. Iki gatly kottež jaýlarynyň birine göçüp gelen bagtyýar maşgalanyň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öýe girdi we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Täze jaýyň eýesi telekeçi bolup, onuň maşgalasy mugallym bolup işleýär Olaryň dört çagasy - üç gyzy, bir ogly bar. Gyzlaryň ulusy şu ýyl Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine okuwa giripdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze jaýlary barada öý eýeleri bilen gyzyklandy. Täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalary ýurdumyzyň raýatlary hakynda edilýän alada hem-de şunuň ýaly ajaýyp jaý edinmek üçin döredilýän mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we jaýlaryň hil hem-de amatlylyk babatda häzirkizaman ölçeglerine doly kybap gelýändigini nygtadylar. Jaýyň otaglarynyň ýerleşdirilişi, üpjünçiligi, aşhana, myhman otagynyň, eýwanynyň, ýyladyş ulgamynyň, iki gatda hem bar bolan ýatylýan jaýlarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň ýokary derejede bolmagy guwançly ýagdaýdyr. Şeýle hem kottež görnüşli jaýda iş otagy, tomusky eýwan, balkon, hojalyk jaýlary göz öňünde tutulypdyr. Onda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirkizaman çözgutleriniň oýlanyşykly utgaşdyrylmagy bu jaýlara özboluşly kaşaň görnüş berýär. Bir söz bilen aýdalynda, göze gelüwli hem-de amatly kottež jaýlarynyň umumy eýeleýän meýdany 350 inedördül metr bolup, onuň otaglary belent hem-de giň, bu ýerde myhman kabul etmek üçin ähli mümkinçilikleri bolan döwrebap otaglar bar. Jaýyň myhman otagynyň göwrümi 46,20 inedördül metr bolup, ol dalan hem-de göwrümi 24,30 inedördül metr bolan aşhana bilen birikdirilendir. Aşhana häzirkizaman enjamlary, serişdeleri bilen üpjün edildi. Şeýle hem jaýyň birinji gatynda göwrümi 25,2 inedördül metr bolan garaž ýerleşýär. Jaýyň aýmançaly çäginiň umumy meýdany 600 inedördül metre barabardyr. Howluda dynç almak üçin telär gurlupdyr we gök zolak döredilipdir. Hormatly Prezidentimiz öý eýelerini täze jaý göçüp gelmegi bilen gutlap, ýadygärlik sorgatlary gowşurdy, olara bagtly durmuş, maşgala abadançylygyny, saglyk we üstünlik arzuw etdi. Ak mermere beslenen kottež jaýlarynyň binagärlik çözgüdinde nusgawy ýörelgeler bilen häzirkizaman tejribeleri utgaşýar. Jaýlaryň ýanaşyk ýerlerinde dürli güller ekilipdir, bag nahallary oturdylypdyr. Öýleriň sanyna görä, awtoduralgalar göz öňünde tutulypdyr. Dört gatly kottež görnüşli ýaşaýyş jaýlarynda sekiz öý bolup, onuň eýwanyndan ýokarky gatlara basgançak we lift hereket edýär. Her gatda iki öý bolup, umumy eýeleýän meýdany 537,30 inedördül metr bolan öýlerde bäş otag bar. Öýlerde giň myhman otaglary (113,60 inedördül metr), 49,20 inedördül metr meýdany bolan aşhana, 44,40 inedördül metrden 61 inedördül metre çenli meýdanlary bolan dört sany ýatylýan otag we balkon bar. Her maşgala üçin hojalyk jaýlary göz öňünde tutulypdyr. Jaýlaryň arasynda çagalaryň oýun meýdançalary, telärler we tehniki binalar bar. Üç gatly jaýlarda dört otagly alty öý bar. Her öýüň eýeleýän meýdany 476,40 inedördül metr bolup, olarda 44,20 inedördül metrden başlap, 80,40 inedördül meýdany bolan üç sany ýatylýan otag, 113,60 inedördül meýdany bolan aýratyn otag, aşhana we beýleki desgalar bar. Kottež jaýlar toplumynyň çäginde umumy meýdany 8,4 gektara barabar bolan seýilgäh guruldy. Olarda döwrebap yşyklandyryjylar, oturgyçlar, howuzly suw çüwdürimleri bar. Granit ýodajyklar we ýerasty geçelge guruldy. Mundan başga-da, şäheriň şu künjegindäki Seýdi we Mollanepes köçeleriniň durky düýpli täzelenildi. Olaryň umumy uzynlygy 1533 metr bolup, köçeleriň ini 12 metre barabardyr. Şeýle hem jaýlaryň aralarynda we ýanaşyk ýerlerinde köçeler çekildi. Umuman, bu ýerde 13 müň 572 metr uzynlygy bolan köçeler çekildi.

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow