25.10
2017
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
25.10
2017
Ýurdumyzda şy ýylyň 9-10-njy noýabrynda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçiriler.
24.10
2017
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. Bu ýerde, gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ajaýyp ak mermerli binalary hem-de zerur bolan döwrebap düzümi özünde jemleýän täze kaşaň desgalar toplumy peýda boldy.
23.10
2017
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
23.10
2017
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
20.10
2017
“Syýasat we jemgyýet” atly ylmy-nazaryýet žurnalyň nobatdaky, 2016-njy ýyl üçin 4-nji sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan türkmen we rus dillerinde çap edilýär.
17.10
2017
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-kluby açyldy.
17.10
2017
Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň golf-klubynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, täze sport toplumynyň dynç almak üçin meşhur künjege öwrüljekdigine ynam bildirdi.
15.10
2017
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna “Türkmentelekom” döwlet Internet-prowaýderi hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy baýramçylyk çäresini geçirýärler: 2017-nji ýylyň 5—31-nji oktýabry aralygynda müşderilere limitsiz Internete amatly bahalar boýunça birikmek mümkinçiligi dörediler.
13.10
2017
Oguz han adyndaky Türkmenistanyň inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bilim, ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi Türkmenistanyň hökümet mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.