Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Müşşikow Gadyrgeldi Müşşikowiçe käýinç ýglan edildi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň döwlet bähbitlerini, daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň raýatlarynyň hem-de ýuridik şahslarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda we ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany döredildi hem-de bu nyşan hakyndaky Düzgünnama, nyşanyň ýazgysy hem-de şahadatnamasynyň nusgasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, bu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän,işde goýberen kemçilikleri üçin,Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Meredow Myratgeldi Resulowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.