Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 6-njy Mart
Resmi
Resmi habarlar 6-njy Mart
Çap edildi 06.03.2017
4980

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de ýükleri daşamagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine 100 sany açyk görnüşli wagonlary zawod şertlerinde sement daşaýan ýük wagonlaryna öwrüp, olaryň ulanyş möhletini uzaltmak barada Özbegistan Respublikasynyň “Andižan mehanika zawody” kärhanasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. *** Ýurdumyzyň himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine düzüminde 24 göterim fosfor bolan 30 000 tonna suprefos dökünini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-tehniki binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak we döwrebap tehnikalar we gurallar bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow