Sport
17.11 2016
Şu günler Russiýanyň Medyn şäherinde köptaraplaýyn söweş boýunça dünýä çempionaty dowam edýär, oňa Germaniýadan, Fransiýadan, Finlýandiýadan, Hytaýdan, Ysraýyldan, Eýrandan – jemi 35 ýurtdan türgenleriň 300-e golaýy gatnaşýar. Ýaryşlaryň birinji gününde diňe göreş emellerini peýdalanmak bilen bäsleşilýän görnüş boýunça tutluşyklar geçirildi, onda türkmenistanlylar üç bürünç medala mynasyp boldular.
16.11 2016
Paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de 2005-2008-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda hokkeý boýunça Aşgabadyň ilkinji açyk birinjiligine badalga berildi. Ýaryşa sekiz topar gatnaşýar. Olar birnäçe tapgyrdan ybarat aýlaw görnüşdäki ýaryşda ýarym ýylyň dowamynda baýraklar ugrunda göreşerler.
15.11 2016
Aşgabat, 15-nji noýabr (TDH). Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça baş müdiriýetiniň wekilleriniň Türkmenistana üç günlük sapary tamamlandy. Dostlukly ýurduň wekiliýetine bu müdiriýetiň ýolbaşçysy Mohammad Humaýun Haýrany baştutanlyk edýär. Owganystanyň wekiliýetiniň agzalary saparyň barşynda türkmen hünärmenleri bilen sport hereketini ösdürmek babatynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Sport baradaky döwlet komitetiniň we beýleki guramalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler.
14.11 2016
Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde sambo boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynyň jemleýji güni Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene bir, bürünç medal getirdi. Söweş sambosy boýunça 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Nowruz Ataýew şeýle üstünlige mynasyp boldy.
13.11 2016
Rumyniýada hem-de Bolgariýada geçirilen karate we sambo boýunça dünýä çempionatlarynda çykyş eden ildeşlerimiz medallaryň altysyny gazandylar.
12.11 2016
Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda sambo boýunça dünýäniň 41-nji çempionaty badalga aldy, “Arena Armeýes” toplumynda geçirilýän bu bäsleşiklere 80 ýurtdan türgenleriň birnäçe ýüzüsi gatnaşýar. Ýaryşlaryň birinji gününde türkmenistanlylar iki medala – bir kümüş (söweşjeň görnüşi boýunça) hem-de bir bürünç (nusgawy görnüşi) medala mynasyp boldular.
06.11 2016
Aşgabat, 6-njy noýabr (TDH). Şu gün Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň Sportuň oýun görnüşleri toplumynda geçen 3х3 basketbol boýunça halkara ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi. Türkmen türgenleri erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda altyn we kümüş medallary zenanlaryň arasynda bolsa altyn medaly eýelediler.
04.11 2016
Şu gün, 5-nji noýabrda, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň sportuň oýun görnüşleri toplumynda 3x3 görnüşindäki basketbol boýunça halkara ýaryşy açylýar. Russiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndy toparlary Aşgabada ýygnandylar. Türkmenistan ýer eýesiniň hukuklarynda erkekler we zenanlar gatnaşyjylarynyň arasynda birnäçe toparlary çykardy.
03.11 2016
Gökje sport toplumynda 2002-2003-nji ýyllarda doglan ýetginjek türgenleriň arasynda erkin göreş boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi geçirildi, oňa Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan 400-e golaý türgen gatnaşdy. Umumytoparlaýyn hasapda paýtagtymyzdaky “Olimp” sport mekdebinde tälim alýanlar birinji ornu eýelediler.
03.11 2016
Paýtagtymyzyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň çempiony diýen adyny saklamagy başardylar. Aragatnaşyk ministrliginiň topary bu üstünligi oýunlaryň tamamlanmagyna çenli bäş tapgyr galanda, möhletinden öň gazandylar. Onuň yz ýanyndan gelýän “Balkan” “Aşgabat” toparynyň garşysyna paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, bir utugyny ýitireninden, “Altyn asyr” bolsa myhmançylykda “Şagadam” toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykandan soň çempion belli boldy.
46 sahypa
Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi