Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy.
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «tegelek stol» görnüşinde Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürlerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu gün ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara sene mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Geçirilmegi indi asylly däbe öwrülen bu giň gerimli sport çäresi ilatyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sport medeniýetini ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Mübärek Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk dileýärin.
Sizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň halkara baýramy — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu ajaýyp halkara senäniň şanyna geçiriljek çäreleriň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Sizi sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygy alamatlandyrýan sene — Bütindünýä welosiped güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we ýurduň ähli halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika gününiň 80 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.