Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa bilen duşuşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu bilen duşuşdy.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy.
Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek iri halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegi dowam edýär. Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň Prezidentlerini paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde garşylady.
Milli Liderimiz Halkara howa menziliniň meýdançasynda paýtagtymyza gelip gonan nobatdaky uçardan düşen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi mähirli garşylady. Goňşy ýurduň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy boldy.
Milli Liderimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gonan nobatdaky uçardan düşen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany mähirli garşylady. Belent mertebeli eýranly myhmana ter gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.
Halkara howa menziliniň meýdançasyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň uçary gelip gondy. Milli Liderimiz Prezident Emomali Rahmony mähirli garşylady. Dostlukly ýurduň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň uçary gelip gondy. Uçaryň ýanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen mähirli görşüp, ony dostlarça garşylady. Gazagystanyň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde garşylan nobatdaky ýokary derejeli myhmany Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan boldy. Milli Liderimiz Türkiýäniň döwlet Baştutanyny uçaryň ýanynda mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi.