Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe hem-de ýurduň ähli halkyna Bolgariýa Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi.
Şu gün Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.
Şu gün Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işgärleriniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň halkyny şanly sene — ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna girmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
1992-nji ýylyň 2-nji marty Birleşen Milletler Guramasyna biziň ýurdumyzyň kabul edilmegini aňladýan, Türkmenistanyň häzirki taryhynda şanly sene bolup durýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýurdumyzda uly joşgun bilen baýramçylyklar bellenýän şu güni gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan döwletliligimiziň milli kadalaryna esaslanyp, men gazanan üstünliklerimizi artdyrmak hem-de öňde duran uly işlerimizi we ýeňişlerimizi kanunçylyk taýdan berkitmek üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşmagy zerur hasapladym. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagy, şeýle hem täze, belent maksatlary kesgitlemegi möhüm hasap etdim.
Şu gün Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi we onuň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň her welaýatyna baryp, wagyz işlerini geçirmek üçin Saýlaw kodeksine laýyklykda özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanýarlar hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Duşuşyklar jemgyýetçilik guramalarynyň, edaralaryň we kärhanalaryň zähmetkeş toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň giňden gatnaşmagynda geçýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.