Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň her welaýatyna baranlarynda, wagyz işlerini geçirmek üçin Saýlaw kodeksine laýyklykda özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlawçylar bilen duşuşyklarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Siziň Alyhezretiňizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden hem-de döwletiňizde ilçihanasyny ilkinji açan ýurduň Prezidenti hökmünde diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Agrar partiýadan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meselelere garaldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.