Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
25.02 2022

Siziň golaýdaky aýgytly syýasy ädimiňiziň türkmen döwletiniň durnukly ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn. Indiki saýlanjak Prezidentiň Siziň başlan ýoluňyzy dowam etdirmegine umyt edýärin. Türkmen döwletiniň bitewüliginiň we ösüşiniň bähbidine Siziň alyp barýan işiňize türkmen halky tarapyndan ýokary baha beriljekdigine ynanýaryn.

25.02 2022

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler wagyz işlerini geçirmek üçin Saýlaw kodeksine laýyklykda özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlawçylar bilen duşuşyklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

24.02 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

24.02 2022

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha hem-de ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

24.02 2022

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň merkezi edarasy ýerleşýän Ženewa şäherinde BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyna garaldy.

24.02 2022

Şu gün ir bilen Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.

23.02 2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy.

23.02 2022

Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.

23.02 2022

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karisi hem-de ýurduň halkyny Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

22.02 2022

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

813 sahypa
Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr