Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.
Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli Size berk jan saglyk hem-de üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin hem-de Siziň iberen Täze ýyl gutlag hatyňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de netijeli ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyklary geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen owgan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Uzynada meýdançasyna bardy hem-de şol ýerde nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň baý serişdeler kuwwatyny özleşdirmek we ondan netijeli peýdalanmak boýunça maslahat geçirdi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we bu düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.