Patyşalygyň we Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary saklamak hem-de pugtalandyrmak islegi bilen, biz hormatly hanym Lýusia Uaýldy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başlanan täze, 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, bilim ministri we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de Gazagystanyň halkyna soňky günlerde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly wakalar zerarly gynanç hatyny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 8-9-njy ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen duşuşyklar geçirildi.
Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy, şeýle hem Siziň mähirli gutlag hatyň yz üçin hoşallygymy beýan edýärin. Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk, abadançylyk dileýärin.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna guralan saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.