Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de harby özgertmeleriň durmuş meseleleri girizildi.
Şu gün Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Hindistan bilen Türkmenistany däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Maňa 2015-nji ýylda Siziň ajaýyp ýurduňyzda bolmak bagty miýesser etdi. 2010-njy ýylda Hindistana amala aşyran saparyňyz Hindistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge mäkäm esas goýdy. 2019-njy ýylda ýola goýlan Hindistan — Merkezi Aziýa dialogynyň çäklerinde hem ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygymyzyň gerimi giňedi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün paýtagtymyzdaky köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahata YHG-nyň Baş sekretary, YHG-a agza döwletleriň we başga-da birnäçe ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze “Garagum” oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara ähmiýetli möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi.
Ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylaryna bu sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna gelmek baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Biz, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary YHG-nyň maksatnamalaryny, çärelerini we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem-de YHG üçin umumy gyzyklanma bildirilýän, YHG-nyň agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy sazlaşykly guraýan, çuňlaşdyrýan we giňeldýän, umumy gymmatlyklary, bähbitleri ösdürýän gurama hökmündäki ornunyň berkidilmegine gönükdirilen sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşmagyň ösüşine hem-de derejesine garamak üçin YHG-nyň 15-nji sammitine ýygnanyşyp, şunuň bilen baglylykda: