22.11
2020
Şu gün Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde onlaýn maslahat görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky Suw hojalyk meseleleri boýunça utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi geçirildi.
20.11
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär.
20.11
2020
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen,Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
19.11
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.
19.11
2020
19-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini özleşdirmegiň, terbiýeçilik işinde bilim bermegiň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny we okuw serişdelerini peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
19.11
2020
Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ýapon dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
19.11
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
18.11
2020
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
18.11
2020
Şu gün daşary syýasat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Şwesiýa Patyşalygynyň daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşyk geçirildi. Işjeň görnüşde geçen gepleşikleriň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumynyi ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.
18.11
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.