25.09
2020
Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
25.09
2020
Nesip bolsa, biz ýene-de sanlyja günden milli senenamamyzda aýratyn möhüm orny eýeleýän baş baýramymyzy — Garaşsyzlyk gününi giňden we dabaraly belläp geçeris. Biz Garaşsyzlyk gününe toý-baýramlarymyzyň seresi hökmünde aýratyn sarpa goýýarys. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylda hem bu taryhy senäni şanly wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen dabaraly garşy alýarys.
25.09
2020
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan ata Watanymyzyň her bir gününde taryha altyn harplar bilen ýazyljak beýik işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Agzybirligiň we jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň ýurdy bolan Bitarap döwletimiz dünýäde dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen giňden tanalýar.
25.09
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda guwandyryjy netijeler gazanylýan Garaşsyz Watanymyzda kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän giň gerimli bu işlere ýurdumyzyň zenanlary hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.
25.09
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ilatynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
24.09
2020
Ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
24.09
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.
24.09
2020
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.
23.09
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
23.09
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy bilen çykyş etdi.