Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar
Ykdysadyýet
Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar
Çap edildi 15.12.2017
1820

Turgundy bekediniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Owganystanyň çäklerinde demir ýoluň gurluşygy meýilnama laýyklykda barýar. Bular barada ulag we aragatnaşyk meseleleri boýunça wise-premýer B. Annameredow hökümetiň mejlisinde habar berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, türkmen hünärmenleri iş meýilnamasyna laýyklykda, polat ýoluň gurluşygyny tapgyrlaýyn alyp barýarlar. Demir ýol gurluşykçylarynyň şu günlerdäki iş depgini işleriň öz möhletinde ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara hem-de Owganystanyň ykdysady taýdan ösmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek, onuň durmuş ulgamyny täzeden dikeltmek, sebit we halkara düzümleýin taslamalara netijeli goşulyşmagyny gazanmak boýunça tagallalary has-da işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz polat ýoluň gurluşygy barada aýdyp, bu taslamanyň Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna kuwwatly depgin berjekdigini belledi. Wise-premýere bu demir ýoluň, şeýle hem hemme ugurdaş düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň meselelerini hemişe gözegçilikde saklamaga degişli tabşyryklar berildi.

Soňky habarlar
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
23.04
Türkmenistanyň medeni mirasy — umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasynyň aýrylmaz bölegi
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow