Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Ýüpek ýoly” binasy — Türkmenistanyň ulag geçelgeleriniň nyşany
Jemgyýet
“Ýüpek ýoly” binasy — Türkmenistanyň ulag geçelgeleriniň nyşany
Çap edildi 08.04.2018
2711

Bütindünýä saglyk güni bellenilýän şu gün Amyderýanyň kenaryndaky şäherde ajaýyp “Beýik Ýüpek ýoly” binasynyň dabaraly açylyşy boldy. 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň gatnaşmagynda açylan Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň golaýyndaky töwerekleýin estakadanyň merkezinde gurlan bu binanyň beýikligi 28 metre barabardyr. Binany Ýer şaryny alamatlandyrýan gurluş bezeýär. Onda ýurdumyzyň halkara ulag ugurlary — awtomobil, demir ýol, suw we howa ýollary öz beýanyny tapýar. Bu desga “Gündogdy” hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Bu kärhana şu ýylyň fewralynda Türkmenabadyň halkara uçar menzilini ulanyşa tabşyrdy. “Ýüpek ýoly” binasynyň gurluşygynda iň bir döwrebap gurluş düzümleri we bejeriş serişdeleri ulanyldy. Desganyň köp sanly şäherlileriň gatnaşmagyndaky açylyşy dabaraly ýagdaýda geçdi. Döredijilik toparlary uly konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Bu ýerde köpçülikleýin sport çäreleri — welosiped ýaryşy we ýeňil atletika ýörişi guraldy. Yklymyň uly ýollarynyň çatrygyndaky çäk ýerleşişiniň artykmaçlygy biziň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin ulag serişdelerimizi peýdaly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taglymaty öňe sürmek bilen, ýurdumyzyň durmuş ykdysady ösüşiniň çaltlandyrylmagyna we ählumumy abadançylygyň bähbitlerine giň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kemala getirilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belleýär. Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň ulag düzümlerini ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ulag strategiýasynyň halkara ähmiýetli iri taslamalarynyň möhüm düzüm bölegidir. Milli Liderimiz suw, howa, demir ýol we awtomobil ulagyny birleşdirýän miltimodal logistik ulgamyň döredilmegine aýratyn üns berýär. Bu taglym şu gün açylan “Beýik Ýüpek ýoly” binasynda öz nyşanlaýyn aňlatmasyny tapdy.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow