Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi
Jemgyýet
Täze suw üpjünçilik ulgamy işe girizildi
Çap edildi 17.04.2018
2456

Kaka etrabynda 15 kilometrlik Hywaabat — Kaka suw geçirijisi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Dabara Oba we suw hojalyk ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. BAE-niň “Dew Jeneral Trading” kompaniýasynyň we ýerli “Galkan” hojalyk jemgyýetiniň BMGÖM-niň ýardam bermeginde bina edilen suw geçiriji ulgamy energiýa tygşytlaýjy we ekologiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly guruldy, bu desga suwuň üç ugur: oba hojalygy, agyz suwy we durmuş maksatly zerurlyklarda peýdalanmak üçin paýlanylyşyny kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Suw geçiriji boýunça her gije-gündizde Laýynsuw çeşmesinden ýerli suw üpjünçilik ulgamyna 14000 kub metrden gowrak suw (sekundda 165 litr) akdyrylýar. Täze desganyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşyjylar suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan obasenagat toplumyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak hem-de ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi babatynda döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny bellediler. Suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly ulanmak we gaýtadan dikeltmek, çölleşmäge garşy göreş, ýerleriň arryklamagynyň öňüni almak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly çäreler Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar, ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini oňyn çözmek başlangyjy bilen yzygiderli çykyş edýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşawy goramak boýunça BMG-niň Maksatnamasy, Ählumumy Ekologiýa gaznasy hem-de beýleki abraýly düzümler bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde onlarça maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, BMGÖM-niň wekili Ýelena Panowa biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, Türkmenistanyň serişdelere baý ýurtdugyny nygtady we olary geljekki nesiller üçin saklamakda tygşytly peýdalanmagyň örän möhümdigini aýtdy.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow