Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Sagdynlyk - ruhubelentlik
Jemgyýet
Sagdynlyk - ruhubelentlik
Çap edildi 20.05.2018
2111

Şu gün paýtagtymyzda Köpetdagyň eteginden geçýän şaýoluň ugry bilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, köp sanly sagdyn–durmuş ýörelgesine tarapdarlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli Liderimiziň göreldesinden ruhlanan adamlar döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sport hereketini ösdürmek boýunça öňe sürýän ýörelgelerini we başlangyçlaryny goldaýarlar. Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda bolşy ýaly, ýaşuly nesliň arasynda hem welosiped sportuna höwesekleriň sany yzygiderli artýar. Ýurdumyzyň ilaty welosiped sportuny uly höwes bilen özleşdirýär we onuň derejesine ýokary baha berýär. Welosport saglyk hereketlerini amala aşyrmak, sport bilen meşgullanmak üçin bolşy ýaly, ol amatly hem-de ekologiýa taýdan arassa ulag hasaplanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygy we abadançylygy, berk bedenli we belent ruhly ýaşlary terbiýelemek baradaky aladany döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär we oňa uzak möhletleýin umumymilli strategiýa hökmünde garaýar.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow