Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan — ÝHHG: maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Türkmenistan — ÝHHG: maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 19.06.2018
2077

Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaş işgärleri üçin niýetlenen okuw maslahaty öz işine başlady. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Okuw maslahatyna milli gazet-žurnallaryň, maglumat internet-neşirleriniň, teleradioýaýlymlaryň žurnalistleri gatnaşýarlar. Halkara bilermenleri — Şweýsariýadan Aleksandra Ştark hem-de Ukrainadan Ýewgen Glibowiskiý döredijilik işine ýaňy gadam goýýan habarçylar bilen sapaklary geçýärler. Okuw maslahatynyň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmäge uly üns berilýär. Soňky ýyllarda döwlet ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzda bolup geçýän wakalary çalt hem-de hemmetaraplaýyn şöhlelendirmäge ukyply, giň gözýetimli, ýokary hünärli žurnalistleri taýýarlaýan kafedralar döredildi. Okuw maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar žurnalistikanyň esaslary, iş usullary, multimediýa taryhlarynyň döredilişi, häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösüşiniň esasy ugurlary bilen tanyşdylar. Okuw maslahaty 22-nji iýuna çenli dowam eder.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow