Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
“Maliýe we ykdysadyýet” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Ykdysadyýet
“Maliýe we ykdysadyýet” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Çap edildi 05.07.2018
1888

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda esaslandyrylan hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Maliýe we ykdysadyýet” ylmy-amaly žurnalynyň üçünji sany çapdan çykdy. Döwürleýin neşirde Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça ylmy-nazaryýet, syn-seljerme hem-de maglumat-düşündiriş makalalary çap edildi. Olaryň awtorlary belli türkmen alymlary we ýaş hünärmenler bolup durýar. Žurnalyň nobatdaky sany “Multimodal logistik ulgam milli ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir” atly makala bilen açylýar. Onda döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini döretmek boýunça döwletimizde amala aşyrylýan giň gerimli işleriň ähmiýeti beýan edilýär. Ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýadyň hem-de ösen ýol-ulag düzüminiň ýurdumyzyň maliýe-ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmak üçin şertleri döredýändigi bellenilýär. Şeýle hem okyjylarymyza ykdysadyýetiň kadaly işlemeginiň baş şerti hökmünde ykdysady gatnaşyklary we olaryň deňagramlylygyny kadalaşdyrmagyň dürli usullary barada makala hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetçilik önümçiliginiň dürli talaplarynyň deňagramlylygyna we ylalaşygyna üns berilýär, olaryň özara utgaşdyrylmagy makroykdysady ösüşiň durnukly bolmagyna ýardam edýär. “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ösüşi” atly makala degişli ulgamda häzir amala aşyrylýan özgertmeler, bazar ykdysadyýetiniň we halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan maliýe hasabatlylygynyň milli ölçeglerini ornaşdyrmagyň we kämilleşdirmegiň ýörelgeleri bilen tanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk hem-de gyzyklanma bildirýän döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasaty bilen baglylykda, maliýe hasabatlylygyň halkara standartlarynyň ulanylmagy ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek mümkinçiligini ýokarlandyrýar. Şeýle hem neşirde Türkmenistanda durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak, maliýe menejmentiniň esaslaryny döretmek, oba senagat toplumynda bazar gatnaşyklaryny ýola goýmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, bank karzlaşdyrmasynyň statistika seljermesi ýaly meseleler öz beýanyny tapdy. Žurnalyň täze sanynda çap edilen makalalar diňe milli ykdysady strategiýany amala aşyrmakda döwlet kadalaşdyrmasynyň wezipeleri bilen özara bagly bolan meýilleri öwrenýän seljerme geçirijiler, ýaş hünärmenler, ykdysady we jemgyýetçilik ylymlarynyň alymlary üçin däl-de, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem uly gyzyklanma döredýär.

Soňky habarlar
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow