Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Jemgyýet
Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çap edildi 23.07.2018
2168

Şu gün paýtagtymyzda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny has-da berkitmäge, halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik däplerini baýlaşdyrmaga, her bir raýatyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmäge gönükdirilen oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Ol kanunyň hökmürowanlygynyň, türkmenistanlylaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň mizemezliginiň, ýurdumyzda okgunly döredijiligi we ösüşi üpjün etmegiň kepili bolup durýar. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, Bitarap döwletimiz ägirt uly döredijilik kuwwatyny ählumumy bähbidiň hatyrasyna doly amala aşyrmaga çalyşmak bilen häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyz bu islegini anyk ädimleri, dünýäniň ençeme döwletleri hem-de esasy halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak arkaly tassyklaýar. Şunda milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän, diňe Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş dünýäniň bähbitlerini beýan edýän netijeli teklipleriniň we ynsanperwer başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. Ählumumy ösüşiň döwründe döwletliligiň milli tejribesiniň üstünlikli bolmagyny ylmy esasda öwrenmegiň möhümdigini bellemek bilen, çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze instituty döretmek hakynda kabul eden çözgüdiniň wajypdygyny bellediler. Institutyň işgärleriniň üstüne toplumlaýyn ylmy-barlag işlerini geçirmek, öňdebaryjy hukuk ulanyş tejribesini öwrenmek, döwleti öwreniş, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak we kanunçylygy kämilleşdirmek babatda seljeriş we maglumat synlaryny taýýarlamak, şeýle hem adam hukuklary babatda milli maksatnamalary we meýilnamalary amala aşyrmak boýunça jogapkärli wezipe ýüklenildi. Täze ylmy edaranyň köpugurly işi dünýäde umumy kabul edilen hukuk kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamaga hem gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işiniň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyldy. Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini artdyrmak maksady bilen döredilýän şertler üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler hem-de institutyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin öz bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow