Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 21-nji Iýun
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 21-nji Iýun
Çap edildi 21.06.2015
1460

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosini, dürli görnüşli awtobenzini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagyny, jemlenen nebit koksuny satyn aldylar. Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen täjirler göni arassalaýyşdan geçirilen benzini, dizel ýangyjyny (Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody), Hytaýdan gelen işewürler bolsa – tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna el halylary, pagta ýagy, nah ýüplük, pagta-süýümi, ulýuk ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Germaniýa, Şweýsariýa, BAE, Türkiýe, Ukraina, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 147 million dollaryna golaý boldy. Depozit manat serişdesine Pakistandan gelen işewürler toparynyň wekilleri jemi 3 million 190 müň manatlykdan gowrak pagta ýagyny hem-de nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, jemi 525 müň manatlyk ulýuk satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow