Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 26.04.2026
37

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi merdana ata-babalarymyzyň jöwher zehininden kemal tapyp, halk seçgisi esasynda ýetişdirilýän şöhratly bedewlerimiziň şanyna döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň, halkymyzyň milli gymmatlygyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli uly dabara bilen geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly ХVIII halkara ylmy maslahat, at çapyşyklary, atçylyk sporty bilen baglanyşykly ýaryşlar, şol sanda uzak aralyga atly ýörişler atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmek bilen, baý milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi hökmünde ahalteke bedewlerimize dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynda geçirilen 47-nji Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň bedew atlarymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy.

Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen bu gün milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimiziň at-abraýy dünýä dolýar. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde-de milli gymmatlygymyz, türkmen ojaklarynyň ýaraşygy, tutumly toýlaryň bezegi bolup geldi. Ýyndamlygy, owadanlygy, wepadarlygy bilen tapawutlanýan bedewlerimiz halkymyzyň uçar ganatyna, bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygyna öwrüldi. Ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiziň şan-şöhratynyň has-da dabaralanýan ýylynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karloda geçirilen halkara sirk festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy, gözel Diýarymyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlarynyň üstünlikli guralmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp şygary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirip, onuň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Siziň tagallalaryňyz netijesinde daşary ýurtlarda arassa ganly ahalteke bedewlerini saklaýan atşynaslaryň uly toparyna Türkmenistana gelip, ýurdumyzda bedewleriň şanyna tutulýan tutumly toýuň gözli şaýady bolmaga mümkinçilik döredilmegi bütin dünýäde ahalteke atlaryna gyzyklanmany has-da artdyrýar. Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça amala aşyrýan asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakylýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi, «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň açylmagy, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uludan toýlanylýan ýylynda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhraty dowamat-dowam bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow