Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 13-nji Iýun
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 13-nji Iýun
Çap edildi 13.06.2015
1634

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýdan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazudy satyn aldylar. Bulardan başga-da, kiprli işewürler “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK), Russiýadan, Owganystandan, Estoniýadan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen wekiller bolsa suwuklandyrylan gazy we tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Daşary ýurt walýutasyna şeýle hem arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, ýuwlan ýüň, pagta süýümi, şeýle hem portlandsement satyldy. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Türkiýe, Şweýsariýa, Belgiýa, Owganystan, Gruziýa, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 48 million 369 müň dollaryndan gowrak boldy. Depozit manat serişdelerine Pakistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler umumy bahasy 1 million 686 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow