Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 6-nji Iýun
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 6-nji Iýun
Çap edildi 06.06.2015
1550

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy. Daraşy ýurt walýatasyna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Yrakdan, Gruziýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dürli görnüşli awtoulag benzinini, göni arassalanan benzini, dizel ýangyjyny, jemlenen nebit koksuny satyn aldylar. Beýik Biritaniýadan, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arasalanan benzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Beýik Biritaniýanyň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki uglerod, karbamid we tehniki polipropilen haltalary (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna pagta ýagy, nah ýüplük, maşyn gurulyşgynyň käbir önümleri (sorujylar!!!), pagta süýümi, dowarlaryň derileri, dokma önümçiliginiň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Türkiýe, Malta, Owganystan, Gyrgyzystan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 95 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy. Depozit manat serişdelerine Slowakiýadan gelen işewürler umumy bahasy 300 müň manada deň bolan nah ýüplük satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow