Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 24-nji Maý
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 24-nji Maý
Çap edildi 24.05.2015
1544

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we awtobenzini satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi we pagta şroty ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Malta, Owganystan, Beliz, Moldowa, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 30 million 881 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 184 müň manatdan gowrak bolan polipropileni satyn aldylar.

Soňky habarlar
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna
26.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
25.04
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
top-arrow